Ýanwar-fewral: Nagt däl pul dolanyşygy 1,7 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-fewral: Nagt däl pul dolanyşygy 1,7 milliard manatdan geçdi
Terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 1 milliard 595 million 388 müň 497 manada deň boldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 714 million 469 müň 870 manada barabar boldy. Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, ýokarda agzalan senelerde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 1 milliard 595 million 388 müň 497 manada deň boldy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 78 million 864 müň 836 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 1 million 479 müň 83 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 33 million 940 müň 211 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 175 müň 928 manada deň boldy.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 4 million 621 müň 315 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna hem-de ygtyýarly karz edaralaryna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň berlen karz serişdelerinden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä gaýtarylman galan galyndylarynyň, şeýle hem geçen döwürde hasaplanyp tölenilmedik göterim tölegleriniň tölenilmeli möhletlerini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli gaýra süýşürmäge ygtyýar berildi.

 

2022