Türkmenistanda elektron söwdanyň gümrük amallary maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda elektron söwdanyň gümrük amallary maslahatlaşyldy
Türkmen gümrükçileri elektron söwdadaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak boýunça halkara tejribeleri bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan söwda meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahatynyň işine gatnaşdy. Bu çäre ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň ýanyndaky Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasy (CLDP) tarapyndan gurnaldy.

Tegelek stoluň barşynda CLDP-niň bilermenleri elektron söwdadaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we elektron söwdanyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk esaslaryny döretmek boýunça halkara tejribeleri bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdylar we Merkezi Aziýa sebitinde söwdany ösdürmek boýunça görülmegi mümkin bolan çäreler barada teklipleri paýlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Şeýle-de ýurtda we sebitde elektron söwdany ösdürmek bilen baglanyşykly gümrük amallary, sanly söwda ulgamy hem-de intellektual eýeçilik hukugy boýunça mowzuklar gozgaldy. 

CLDP maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky söwdany ösdürmek meselesine gönükdirilendir. CLDP-niň bu ugurdaky işleri ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly Ylalaşygynyň (TIFA) ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

2022