Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 80 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 80 milliard manatdan geçdi
2022-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 16 milliard 164 million 300 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 80 milliard 63 million 700 müň manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 11,9% artdy. 2021-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 71 milliard 556 million 300 müň manada deň boldy.

2022-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 54 milliard 353 million 700 müň manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 3,4% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 52 milliard 584 million 600 müň manada deň boldy.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 9 milliard 545 million 700 müň manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 66,8% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 5 milliard 721 million 800 müň manada deň boldy.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 16 milliard 164 million 300 müň manada deň bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 13 milliard 249 million 900 müň manada barabar boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

 

2022