Awtoulag üpjünçiligindäki bökdençlikler

Nurmyrat Mommaýew
Awtoulag üpjünçiligindäki bökdençlikler
Çip ýetmezçiligi sebäpli köp awtoulag öndürijileri täze awtoulag modellerini käbir aýratynlyklary bolmazdan satmagy meýilleşdirýärler.

Pandemiýa döwründe çip üpjünçiligi boýunça dünýäde ýüze çykan ýetmezçilikler birnäçe awtoulag öndürijisiniň önümçiligi wagtlaýynça togtatmagyna, birnäçesiniň bolsa önümçilik bilen bagly kynçylyk çekmeklerine sebäp boldy. Çip ýetmezçiligi bilen bir hatarda çig mal bahalarynyň ýokarlanmagy we üpjünçilik zynjyryndaky näsazlyklaryň netijesinde, Ýewropadaky awtoulag üpjünçiligi bir ýylda 11% azaldy.

Şunuň bilen baglylykda, täze awtoulaglar bilen bir hatarda ulanylan awtoulaglaryň bahalary hem ýokarlandy.

Ýewropanyň iň uly onlaýn awtoulag satuw bazary bolan “AutoScout24”-iň maglumatlaryna görä, soňky döwürde ulanylan awtoulaglara isleg bildirýänler olary has ýokary bahadan satyn almaly boldular. Ulanylan awtoulaglaryň bahalaryny seljerýän “Carfax”-yň maglumatlary, ulanylan awtoulaglaryň bahasynyň bu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40% ýokarlandygyny görkezýär. Beýik Britaniýanyň awtoulag birleşigi “AA Cars”-yň maglumatlaryna görä, Beýik Britaniýada ulanylan awtoulaglaryň bahasy 2021-nji ýylda takmynan 30% ýokarlandy. Çip ýetmezçiligi bilen bir hatarda çig mal bahalarynyň ýokarlanmagy we üpjünçilik zynjyryndaky näsazlyklar diňe bir täze we ulanylan awtoulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolman, eýsem awtoulaglarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin bökdençlikler hem döretdi.

Täze awtoulaglarda duýgur ekranlaryň, sürüjiler hem-de ýolagçylaryň rahatlygy üçin sazlanyp bilinýän oturgyçlaryň we beýleki täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy yza süýşürildi. Awtoulag sürüjileriniň köpüsiniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu täze tehnologiýalary wagtlaýynça täze awtoulaglarda bolmaz.

Çip ýetmezçiligi sebäpli köp awtoulag öndürijileri täze awtoulag modellerini käbir aýratynlyklary bolmazdan satmagy meýilleşdirýärler.

Meselem, täze “Chevrolet" ýa-da "GMC” kysymly awtoulaglary satyn aljak müşderiler oturgyçlary gyzdyrmak ýa-da HD radio ýaly aýratynlyklardan peýdalanyp bilmezler. “Nissan” we “Ford” awtoulaglarynda ähli ulaglarda diýen ýaly giňden ýaýran nawigasiýa aýratynlygy, “BMW”-niň ulaglarynda bolsa duýgur ekranlar bolmaz.

Iň täze tehnologiýalaryň biri bolan sürüjisiz hereket we täze modelleriň hemmesinde diýen ýaly bar bolan telefonlar üçin niýetlenen galtaşyksyz güýç beriji (zarýadnik) aýratynlyklary hem indi täze awtoulaglarda bolmaz.

Çip ýetmezçiligi meselesiniň heniz çözülmezligi käbir ýurtlary dürli ugurlara iterdi. Ýewropa ýurtlary we Türkiýe ýaly ýurtlar çip önümçiligini ýaýbaňlaşdyrdylar, ABŞ we Ýaponiýa ýaly ýurtlar bolsa çip önümçiligini has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.

Bilermenler 2023-nji ýylyň ortalarynda awtoulag bahalarynyň durnuklylaşmagyna garaşýarlar. Çip önümçiliginiň ýokarlanmagy we üpjünçilik zynjyrynyň gowulaşmagy awtoulag önümçiligini gaýtadan dikeltmäge ýardam berer. Bılermenlere görä, üpjünçiligiň artmagy netijesinde awtoulag bahalary hem peseler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022