Türkmenistan Eýrana alyş-çalşyk usuly arkaly tebigy gazynyň Azerbaýjana eksportyny ýokarlandyrmagy we türkmen gazynyň alyş-çalşygyny beýleki ýurtlara ýola goýmagy teklip etdi.
Eýranyň “Shana” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada ýurduň Nebit ministri Jawad Owji sişenbe güni Tähranda türkmen wekiliýeti bilen geçiren duşuşykdan soňra habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim etdi.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana resmi saparynyň öňüsyrasynda geçirildi.
Jawad Owji Eýranyň häzirki hökümetiniň soňky 10 aýda energiýa diplomatiýasy ugrunda gowy üstünlikler gazanandygyny aýtdy. Geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Eýran arasynda gaz alyş-çalşygy şertnamasynyň baglanyşylandygyny belläp, Owji häzirki wagtda Azerbaýjana ýylda 1,5-2 milliard kubmetr türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen iberilýändigini nygtady.
Owji Azerbaýjana amala aşyran soňky saparynyň dowamynda azerbaýjan tarapynyň Eýrandan türkmen tebigy gaz alyş-çalşygyny iki esse artdyrmagy teklip edendigini we bu teklibi eýran tarapynyň makullanandygyny aýtdy. Eýranyň nebit ministriniň belleýşi ýaly, türkmen tarapy hem Tähranda geçirilen duşuşygyň dowamynda Eýrana tebigy gazynyň Azerbaýjana alyş-çalşyk usuly arkaly iberilmegini ýokarlandyrmagy we türkmen gazynyň alyş-çalşygyny beýleki ýurtlara hem ýola goýmagy teklip etdi. Eýran tarapy bu ugurdaky işlere taýýarlygyny mälim etdi.
Mundan başga-da, duşuşykda türkmen gazynyň Eýrana eksporty boýunça şertnamanyň gaýtadan dikeldilmegi we Eýranyň Türkmenistana gaz bergisiniň tölenmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.