Eýran türkmen gazy üçin bergilerini hasaplaşmagyň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran türkmen gazy üçin bergilerini hasaplaşmagyň üstünde işleýär
2017-nji ýylyň ýanwaryna çenli Eýrana iberilen tebigy gaz üçin Tähranyň Türkmenistana 1,8 milliard ABŞ dollary töweregi bergisi bar.

Türkmen wekiliýetiniň sişenbe güni Tähranda Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji bilen geçirilen duşuşygynyň dowamynda Eýranyň öň satyn alan türkmen tebigy gazy üçin bergileri boýunça hasaplaşyklaryň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de gepleşikleriň barşynda türkmen gazynyň Eýrana eksporty boýunça şertnamany gaýtadan dikeltmek, türkmen tebigy gazynyň Eýran üsti Azerbaýjana eksportyny ýokarlandyrmak we türkmen gazynyň alyş-çalşyk usuly arkaly beýleki ýurtlara ugradylmagyny ýola goýmak ýaly meselelere garaldy. Bu barada Owjiniň aýdanlaryna salgylanyp, Eýranyň Nebit ministrliginiň “Shana” agentligi habar berdi.

Owji Eýranyň türkmen tebigy gazy üçin bergileri meselesiniň üstüne durup, Yragyň ozal satyn alan eýran tebigy gazynyň bergileri boýunça tölegleriniň Yrakdan gönüden-göni Türkmenistanyň hasabyna geçiriljekdigini aýtdy.

Habarlara görä, Yragyň ozalky tebigy gaz importy üçin Eýrana 1,6 milliard ABŞ dollary möçberinde bergisi bar. Geçen çarşenbe güni Yragyň parlamenti gaz we elektrik üpjünçiligi boýunça Eýrana bolan bergilerini gysga wagtda tölemek üçin maliýe kanunyny kabul etdi.

2017-nji ýylyň ýanwaryna çenli Eýrana iberilen tebigy gaz üçin Tähranyň Türkmenistana 1,8 milliard ABŞ dollary töweregi bergisi bar. Geçen ýyl Jawad Owji Eýranyň Türkmenistana tebigy gaz bergisini gysga wagtda hasaplaşmak isleýändigini aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022