Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda penşenbe güni Aşgabatda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi we artdyrylmagy meselesine garaldy.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew we Saud Arabystanynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň infrastruktura we öndürijilik desgalarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň nebit himiýa we gaz himiýa ýaly pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Saud Ösüş Gaznasynyň arasyndaky gazanylan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.
Syýasy geňeşmeleriň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy. R.Meredow Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna Türkmenistanyň “EKSPO-2030” Bütindünýä sergisiniň geçirilýän ýeri hökmünde Saud Arabystanynyň dalaşgärligini goldamak barada çözgüde gelendigini we bu ählumumy çärä taýýarlyk görmek bilen bagly ýardamlary berjekdigini habar berdi.