Dünýä ykdysadyýetiniň uly ýitgisi: elektron galyndylar

Nurmyrat Mommaýew
Dünýä ykdysadyýetiniň uly ýitgisi: elektron galyndylar
Smartfonlaryň önümçiliginde altyn, kümüş, mis, platina we palladiý ýaly himiki metallar ulanylýar.

BBC-niň ylmy žurnalisti Wiktoriýa Gilliň bellemegine görä, 2021-nji ýylda dünýädäki elektron galyndylaryň umumy agramy 57 million tonna ýetdi. Bilermenler magdançylyk pudagynda alnyp barylýan işler sebäpli dünýäde bar bolan gymmatly metallaryň ep-esli azalandygyny belleýärler. Öňümizdäki 100 ýylda gymmatly metallaryň has hem azalmagyna garaşylýar. Bu ýagdaýa çözgüt hökmünde bolsa olaryň gaýtadan işlenmegi görkezilýär.

Smartfonlaryň önümçiliginde 30-a golaý dürli himiki element ulanylýar. Şeýle himiki elementleriň käbirlerinden beýleki tehnologiýalarda hem peýdalanylýar. Emma olaryň gorlary ýylsaýyn azalýar. Dünýäde öndürilýän elektron enjamlaryň galyndylarynyň mukdary her ýyl takmynan 2 million tonna köpelip, onuň diňe 20%-inden hem azy gaýtadan işlenilýär.

Gündelik ulanylýan elekroniki enjamlardan başlap, jübi telefonlaryna we wending enjamlaryna (awtomatiki söwda enjamy) çenli köp sanly elektron enjamy elektron galyndylaryň hataryna girýär. Bilermenler metallaryň täzeden ulanylmagy bilen bir hatarda düzümlerindäki zyýanly maddalar sebäpli olary zibile atmagyň deregine elektron enjamlaryň ýygnalmagy boýunça döredilen merkezlerde saklanmagyny öňe sürýärler.

Smartfonlaryň önümçiliginde altyn, kümüş, mis, platina we palladiý ýaly himiki metallar ulanylýar. Bu gymmat bahaly metallar häzirki döwürde öňküsinden has möhüm bolup, wagtyň geçmegi bilen olaryň ýer ýüzünden ýitip gitmek ähtimallygy bardyr.

Smartfonlarda gymmat bahaly metallar we seýrek duş gelýän elementler bardyr. Mysal üçin, adaty “iPhone” smartfonynda 0.034 gram altyn, 0,34 gram kümüş, 0,015 gram palladiý we bir gram platinanyň müňden bir bölegi bardyr. Şeýle hem, onuň önümçiliginde bahalary beýleki metallara görä birneme arzan bolan alýumin (25 g) we mis (15 g) ulanylýar.

Mundan başga-da, smartfonlaryň önümçiliginde ittriý, lantan, terbiý, neodim, gadoliniý, prazeodim ýaly seýrek duş gelýän elementler hem ulanylýar. Bu elementler ýer şarynda köp mukdarda bolup, olar ýer astyndan çykarylmagy ykdysady taýdan kyn elementler bolup durýar.

Bir sany smartfonda bar bolan gymmat bahaly metallar ykdysady taýdan hiç zady aňlatmaýan bolsa-da, bir million sany smartfonda bar bolan metallar ykdysady taýdan uly baýlyk diýmekdir. Bir million sany smartfonda 15 tonna mis, 340 kilogram kümüş, 34 kilogram altyn we 15 kilogram palladiý elementi bardyr. Mundan başga-da, smartfonlaryň önümçiliginde ulanylýan metallaryň arassalygy olaryň bahalaryny ýokarlandyrýan esasy faktor bolup durýar. Mysal üçin, bir tonna “iPhone” smartfonda bir tonna göwherde bar bolan altyn mukdaryndan 300 esse köp arassa altyn magdany, bir tonna kümüşde bar bolan kümüş mukdaryndan 6,5 esse köp arassa kümüş magdany bardyr.

Dünýäde smartfon ulanýanlaryň sany takmynan iki milliard adama barabardyr. Olar ortaça her 11 aýda bir gezek telefonlaryny täzeleýärler. Şol sebäpli, her ýyl iki milliard telefon elektron galyndylar kategoriýasyna girýär. Elektron galyndylar, esasanam telefonlar daşky gurşawa we ykdysadyýete uly zyýan ýetirýärler. Bilermenler bu ýagdaýyň öňüni almak üçin galyndylary ýygnamak we gaýtadan işlemek boýunça merkezleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtaýarlar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktorant

2022