Türkmen pomidorlarynyň eksporty 50% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen pomidorlarynyň eksporty 50% ýokarlandy
Pomidoryň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 50%-e golaý ýokarlandy.

Türkmenistandan şu ýylyň başyndan bäri pomidoryň daşary döwletlere eksport edilen möçberi 78 müň tonnadan gowrak boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 50%-e golaý ýokarlandy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şenbe güni mälim eden maglumatlaryna görä, degişli döwürde hususy önüm öndürijiler tarapyndan konditer önümleriniň, kelemiň, mäşiň we soganyň, ter almanyň, armydyň, şetdalynyň, käşiriniň, bolgar burçunyň we guradylan miweleriň uly möçberleri daşarky bazarlara iberildi.

Mundan başga-da, şu ýylyň başyndan bäri hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän aýakgaplaryň eksporty geçen ýyla görä 3 esse ýokarlandy. Bellenilişi ýaly, eksporty ýokarlanýan azyk däl harytlaryň sanawynda ýuwujy serişdeler, mebel önümleri, gaýtadan işlenen deri önümleri hem bardyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we bir ülňä getirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Bu ulgam, eksport, import we üstaşyr geçirilýän harytlaryň elektron usulda gümrük taýdan resmileşdirilmegini göz öňünde tutýar.

2022