Dünýäde çiplere bolan ýokary islegi kanagatladyrmak üçin alnyp barylýan çäreler

Nurmyrat Mommaýew
Dünýäde çiplere bolan ýokary islegi kanagatladyrmak üçin alnyp barylýan çäreler
Dünýä täsir edýän çip ýetmezçiligi ýurtlary içerki önümçilige üns bermeklige iterýär.

Awtoulaglardan başlap, smartfonlara çenli ähli tehnologiýa üpjünçiligine täsir edýän global çip ýetmezçiligini ýeňip geçmek üçin döwletler çip önümçiligine ünsi jemläp, önümçiligiň togtamasynyň öňüni almagy maksat edinýärler. Çip ýetmezçilikleri, çipleri ulanýan pudaklaryň öndürilenden has köp çip talap etmekleri esasynda ýüze çykýar. 2020-2021-nji ýyllarda başlan global çip ýetmezçiligi awtoulaglardan grafiki kartalara, goranyş pudagyndan oýun senagatyna çenli köp sanly elektronika öndürijisine öz täsirini ýetirdi. Dünýädäki jemi 169 pudak çip ýetmezçiliginiň täsirini çynlakaý ýagdaýda başdan geçirýär.

Öý enjamlaryndan başlap, awtoulag elektron ulgamlary, goranyş senagaty we beýleki tehnologiýalara çenli her ugurda möhüm ähmiýete eýe bolan, şol bir wagtyň özünde ýarymgeçirijiler diýlip atlandyrylýan çipler global kynçylykalara sebäp bolýarlar.

Dünýäniň öňdebaryjy gözleg we maslahat beriş kompaniýasy “Gartner”-iň maglumatlaryna görä, geçen ýyl dünýäde satuw girdejisi boýunça ilkinji onluga giren çip öndürijileriniň altysynyň ABŞ-da ýerleşýändigi bellärliklidir:

  1. “Intel” (ABŞ);
  2. “Samsung Electronics” (Günorta Koreýa);
  3. “TSMC” (Taýwan);
  4. “SK Hynix” (Günorta Koreýa);
  5. “Broadcom Corporation” (ABŞ)
  6. “Qualcomm” (ABŞ)
  7. “Micron Technology” (ABŞ);
  8. “Applied Materials” (ABŞ);
  9. “Nvidia Corporation” (ABŞ);
  10. “Texas Instruments” (ABŞ).

Global çip senagatynda Hytaý iň uly öndürijileriň hataryna girmese-de, iň çalt ösýän çip kompaniýalarynyň mekany bolup durýar. Şeýle-de bolsa, iň köp sarp ediji bolan Hytaý üçin zerur çip önümçiligi henizem ABŞ we Uzak Gündogaryň kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýar. Hytaý iň uly sarp ediji bolmak bilen bir hatarda, çipleriň çig maly bolan kremniniň önümçiliginde dünýäde öňdebaryjy oruny eýeleýär.

Ýokarda hem bellenilşi ýaly, dünýä täsir edýän çip ýetmezçiligi ýurtlary içerki önümçilige üns bermeklige iterýär. Hytaý soňky birnäçe ýyldan bäri çip önümçiliginde daşary ýurtlara bolan garaşlylygyny azaltmak we içerki çip öndürijilerine goldaw bermek boýunça syýasat alyp barýar.

Şonuň üçin geçen ýyl hytaýly çip öndürijileri dünýäde iň ýokary ösüş gazanan kompaniýalaryň arasynda agdyklyk etdi. “Bloomberg”-iň maglumatlara görä, soňky bir ýylda dünýäde iň çalt ösýän 20 çip öndüriji kompaniýanyň 19-sy Hytaýda ýerleşýär. Başgaça aýdylanda, Hytaýyň çip öndüriji kompaniýalary 2021-nji ýylda iň köp ösüş görkezen kompaniýalar boldular.

Haçan çip ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklaryň üstesinden gelnip bilner?

Gözleg kompaniýasy “McKinsey” gysga möhletde çip ýetmezçiligine çözgüt tapmagyň ýeňil bolmajakdygyny çaklaýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, esasanam awtoulag pudagynda barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin zerur mukdarda çipleri gysga möhletde üpjün edip bolmaz, galyberse-de öndürilen önümleriň dizaýnlaryny üýtgetmek köp wagtyň ýitirilmegine sebäp bolup biler.

Şeýle-de bolsa, bilemenler uzak möhletde ýarymgeçirijiniň üpjünçilik amallaryny kadalaşdyrmagyň we üpjün edijiler bilen has amatly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmegiň çipe bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mümkinçilik döredip biljekdigini belleýärler.

Häzirki global çip ýetmezçiliginiň üstesinden gelinse-de, elektronika önümlerine bolan islegiň artmagy bilen çip üpjünçiligi bilen bagly meseleler ýüze çykyp biler. “Gartner” kompaniýasynyň seljeriş bilermeni Alan Priestli çip öndürijileriniň häzirki wagtda önümçilik kuwwatlaryny ýokarlandymaklarynyň gysga möhletde ýeterlik bolup biljekdigini, ýöne täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda çipe bolan islegiň hem ýokarlanjakdygyny belleýär. Bilermene görä, birnäçe ýyldan täze smartfonlar, akylly öýler we elektrik ulaglary ýaly tehnologiýalara bolan islegiň artmagy bilen ýene-de çip ýetmezçiligine bagly meseleler ýüze çykyp biler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktorant

2022