Özbegistan türkmen gaz we nebit önümlerini import etmäge gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan türkmen gaz we nebit önümlerini import etmäge gyzyklanma bildirýär
Taraplar iki ýurtlaryň ýakyn ýyllar üçin söwdanyň möçberini iki esse artdyrmak babatda ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistan Türkmenistan bilen energiýa pudagynda, şol sanda ýurtdan elektrik, gaz we nebit önümlerini import etmek ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu baradaky gyzyklanma Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat  Mirziýoýewiň arasyndaky penşenbe güni Daşkentde iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin görnüşde geçirilen gepleşiklerde beýan edildi.

Özbek tarapy Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Özbegistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrydygyny aýtdy.

Taraplar iki ýurtlaryň ýakyn ýyllar üçin söwdanyň möçberini iki esse artdyrmak babatda ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Beýanatda bellenilişi ýaly, türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň we iki döwletiň paýtagtynda söwda öýleriniň döredilmegi muňa itergi berer.

Resmiler ulag gatnaşyklaryna ünsi çekip, geçen ýyl ýurtlaryň arasynda ýük daşamagyň 17% ösendigini mälim etdiler we onuň şu ýyl hem dowam etjekdigine ynam bildirdiler. Taraplar sebitdäki ýurtlaryň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmäge, şol sanda ýük daşamak üçin ýeňillikleri we arzanladyşlary üpjün etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Özbek Lideri suw-energetika meselelerine degip geçip, Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetini belledi. Onuň aýtmagyna görä, ylalaşyk sebitde suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna ýardam eder.

Türkmen tarapy söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga we artdyrmaga hem-de senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagatlary, maşyn gurluşygy, dokma, derman senagaty ýaly pudaklary hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri bolan ugurlar we pudaklar hökmünde kesgitledi.

“Işewür toparlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bardyr. Soňky ýyllarda serhetýaka gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdireris we giňelderis” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Gepleşikleriň ahyrynda Döwlet Baştutanlary iki ýurduň hökümetlerine şertnamalaryň ýerine ýetirilişini üpjün etmegi we her aýda olaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermegi tabşyrdylar.

2022