Ýanwar-iýun: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 6 milliard manatdan geçdi

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Ýanwar-iýun: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 6 milliard manatdan geçdi
''Senagat" paýdarlar täjirçilik banky, Aşgabat, Türkmenistan

2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 6 milliard 218 million 770 müň 261 manada barabar boldy.

Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, degişli döwürde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 5 milliard 801 million 674 müň 801 manada deň boldy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 276 million 157 müň 655 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 6 million 554 müň 415 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 120 million 583 müň 925 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 734 müň 965 manada deň boldy.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 13 million 64 müň 500 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ozal habar berşi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 4 milliard 952 million 807 müň 988 manada barabar boldy.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aralygynda kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 82 milliard 458 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 13,5% artdy. 2021-nji ýylyň iýun aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 72 milliard 649 million manada deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022