Resessiýa we onuň öňüni almaga degişli çäreler

Nurmyrat Mommaýew
Resessiýa we onuň öňüni almaga degişli çäreler
Resessiýa döwründe köp kompaniýalar talaplaryň we girdejileriň pese gaçmak ähtimallygy hem-de gelejek boýunça näbellilikler sebäpli kynçylyk çekýärler.

Dünýä bazarlarynda, esasan-da Hytaý, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) döwletlerinde resessiýa boýunça aladalaryň artmagy bilen global ykdysadyýetde kynçylyklaryň ýüze çykyp biljekdigi çaklanylýar.

Resessiýa (pese gaçyş) näme?

Nobel baýragynyň eýesi ykdysatçylar Pol Samuelson we Williýam Nordhausyň 1948-nji ýylda neşir edilen “Ykdysadyýet” atly kitabynda ilkinji gezek resessiýa “hakyky (real) jemi içerki önümiň azyndan iki çärýekde pese gaçýan döwri” diýip kesgitlme berilýär. Ykdysady okuw kitaplarynda resessiýa köpden bäri bu kesgitleme berlip gelinýär. Ýeterlik derejede kämil bolmasa-da, 2-nji Jahan urşundan bäri ähli pese gaçyş döwürlerinde bu kesgitleme ulanyldy.

Milli ykdysady gözleg býurosy (National Bureau of Economic Research)  resessiýany “ykdysadyýetde birnäçe aýdan gowrak dowam edip, önümçiligiň, zähmet üpjünçiliginiň, hakyky (real) girdejiniň we beýleki görkezijileriň ep-esli azalmagy” diýip kesgitleýär. Şeýle-de býuronyň belleýşi ýaly, resessiýa ykdysadyýet iň ýokary derejesine ýetende başlap, iň pes derejesine düşende bolsa tamamlanýar.

Resessiýa döwründe köp kompaniýalar talaplaryň we girdejileriň pese gaçmak ähtimallygy hem-de gelejek boýunça näbellilikler sebäpli kynçylyk çekýärler.

Eger-de resessiýa taýýarlyk görülen halatynda, kynçylyklary azaltmak, hat-da bu döwri kynçylyksyz geçirmek hem mümkindir. Alymlar Ranjaý Gulati, Nitin Nohria we Frans Wolgezogeniň 2010-njy ýylda 1980, 1990 we 2000-nji ýyllardaky resessiýa boýunça geçiren barlag işlerinde 4 müň 700 sany kompaniýanyň 17%-niň bu resessiýa döwürlerinde çynlakaý kynçylyklary başdan geçirendikleri anyklandy. Şeýle hem, kompaniýalaryň 9%-niň resessiýa döwründe we ondan soňky döwürde girdejilerini ep-esli möçberde ýokarlandyrandyklary mälim boldy. Olar resessiýadan soňky üç ýylyň dowamynda işlerini diňe bir  gaýtadan dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, ugurdaş kompaniýalara garanyňda 10% has köp ösüş gazandylar.

Kompaniýalar resessiýa nähili taýýarlyk görmeli we resessiýa döwründe nähili netijeli ädimleri ätmeli?

Resessiýa boýunça gözlegleriň netijeleri bu soraglara jogap berýär. Bu soragyň jogaplaryny dört sany esasy topara bölmek mümkindir:

  • karz;
  • karar bermek;
  • işçi güýjini dolandyrmak;
  • sanly ulgamy ornaşdyrmak.

Resessiýa döwründe näçe köp karz alsaňyz, şonça-da esasy karz serişdelerini göterimi bilen yzyna gaýtarmak üçin nagt serişdeler gerek bolup durýar. Bu döwürde satuwlaryň möçberi azalýar we kompaniýanyň amallary maliýeleşdirmek üçin az möçberde serişdesiniň barlygy sebäpli, ykdysady çökgünlikden çykmak üçin has kämil maliýe dolandyrylyşy zerur bolup durýar. Netijede, kompaniýa resessiýa döwründe has az kynçylyk çekýär.

Karar bermek resessiýa döwründe iň kyn prosessleriň biridir. Sebäbi kimiň nahili karar berjekdigini anyklamak we ony durmuşa geçirmek kompaniýanyň işlerine dowam etmegini kesgitleýän esasy şert bolmagynda galýar. Geçirilen gözlegler resessiýa döwründe merkezleşdirilmedik kompaniýalaryň has üstünlikli bolandyklaryny ýüze çykardy. Sebäbi bu kompaniýalar karar bermek işini iýerarhiýanyň aşaky gatlaklaryna geçirdiler, netijede olar wagtyň geçmegi bilen üytgäp durýan şertelere has kämil uýgunlaşdylar. Bu kompaniýalaryň makro ululykdaky kynçylyklary ýeňip geçmäge has ukyply bolandyklary bellenilýär.

Işgärleri işden boşatmak diňe bir işgärleriň zyýanlaryna bolman, eýsem kompaniýalar üçin hem artykmaç ykdysady harajat bolup durýar. Bir işçini işe kabul etmek we ony doly işe taýýarlamak kompaniýanyň çykdajylaryny ýokarlandyrýar. Täze işçiniň iş görkezijleriniň pes bolmagy, nädogry öndürilen önümleriň köp bolmagy ýaly ýagdaýlar kompaniýa üçin goşmaça çykdajy döredýär.

Ykdysady çökgünlikler aslyýetinde täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna itergi berip biler. Sanly tehnologiýa, oýlanyşykly we çeýe iş tejribelerine öz wagtynda maýa goýan kompaniýalar öňde duran bökdençliklere garşy çäre görüp, olary aňsatlyk bilen ýeňip geçip bilerler. Görşümiz ýaly, resessiýalar ösüş babatynda kompaniýalaryň arasynda çuňňur we uzak möhletleýin tapawutlary döredip bilerler. Sanly tehnologiýanyň hem şeýle tapawutlary döretmek mümkinçiligi bardyr. Sanly tehnologiýalary ulanmakdan boýun gaçyrýan kompaniýalar, nobatdaky resessiýa döwründe ykdysady taýdan has çykgynsyz ýagdaý bilen ýübe-ýüz bolarlar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

 

2022