“Garabogazkarbamid” 566 müň tonna golaý karbamid dökünini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogazkarbamid” 566 müň tonna golaý karbamid dökünini öndürdi
“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiagy öndürmäge ukyplydyr.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawody 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda karbamid döküniniň 565,9 müň tonnasyny öndürdi.

Gazhimiýa kärhanasynyň alty aýlyk önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiagy öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde “mawy ýangyç” esasy çig mal bolup durýar.

Zawodyň karbamid sehiniň hünärmeni Abdykerim Habybowyň aýtmagyna görä, önümçilikde ulanylýan ýerli çig mal serişdeleri önümçiligiň bahasyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Zawod geçen 2021-nji ýyl boýunça karbamid döküniniň 989 müň 111 tonna golaýyny we suwuk ammiagyň 570 müň 466 tonnadan gowragyny öndürdi.

2022