“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ telekeçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ telekeçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar
“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ-ni esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky – esaslyk maýadaky paýy 50% möçberde paýly gatnaşýar.

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerli işewürleri Türkmenistanda strategik taslamalara maýa goýmak isleýän halkara maýadarlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Bu baradaky bildirişi kopmaniýa Türkmenistanyň resmi metbugatynda penşenbe güni çap etdi.

Maýa goýum kompaniýasy geçen ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyk esasynda döredildi.

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ-ni esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky – esaslyk maýadaky paýy 50% möçberde paýly gatnaşýar.

Kompaniýanyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmekdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022