2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 7 milliard 575 million 240 müň 986 manada barabar boldy.
Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, degişli döwürde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 7 milliard 74 million 461 müň 301 manada deň boldy.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 331 million 476 müň 492 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 8 million 519 müň 569 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 144 million 705 müň 916 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 855 müň 619 manada deň boldy.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 15 million 222 müň 89 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ozal habar berşi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 6 milliard 218 million 770 müň 261 manada barabar boldy.