Ahalda geljek alty ýylda 41 desga gurlar we durky täzelener

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahalda geljek alty ýylda 41 desga gurlar we durky täzelener
Degişli döwürde welaýat boýunça 914,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanymaga berler.

Ahal welaýatynda 2022-2028-nji ýyllarda 41 sany bina we desga gurlup ulanylmaga berler hem-de durky täzelener. Bu baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni Parahat Meretliýewiň Türkmenistanyň resmi metbugatynda awgust aýynyň ahyrynda çap edilen makalasynda mälim edildi.

Degişli desgalaryň gurluşygy şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barlar.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynda 2022-2028-nji ýyllar aralygynda 11 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasyny, 14 sany umumybilim berýän mekdebi, 6 sany saglyk öýüni we merkezini we 1 sany hassahanany gurmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, 2204,30 kilometr suw geçiriji, 4 sany suw arassalaýjy desga, 807,20 kilometr lagym geçiriji, 5 sany lagym arassalaýjy desga, 1034,0 kilometr awtomobil ýoly, 358,46 kilometr gaz we 1412,40 kilometr elektrik geçirijileri gurlar, 322 kilometr telefon ulgamy çekiler hem-de 4552 sany telefon belgisi işe giriziler. Degişli döwürde welaýat boýunça 914,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary hem gurlup ulanymaga berler.

2022