Türkmen ýük awtoulaglaryna sürüjisi bilen bilelikde halkara gatnawlaryna rugsat berildi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen ýük awtoulaglaryna sürüjisi bilen bilelikde halkara gatnawlaryna rugsat berildi
Daşary ýurt ýük awtoulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Altyn asyr, Artyk, Sarahs we Farap gözegçilik-geçiriş nokadyndan Türkmenistanyň çägine girip bilerler.

Türkmen ýük awtoulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde halkara ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga rugsat berildi. Bu barada Türkmenawtoulaglar agentligi penşenbe güni mälim etdi.

“Ýollarda halkara ýük daşamalary bilen meşgullanýan sürüjiler kär we hünär talaplaryna laýyk gelmelidir” diýip, resmi metbugat beýanatynda aýdylýar.

Bu ugurda kabul edilen täze Karar türkmen ýük awtoulaglarynyň sürüjilerine Türkmenistandan Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň gözegçilik nokadynyň üsti bilen gitmäge we gelmäge rugsat berýär. Şeýle hem, daşary ýurt ýük awtoulaglaryna bu gözegçilik nokadyndan Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, daşary ýurt ýük awtoulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Altyn asyr, Artyk, Sarahs we Farap gözegçilik-geçiriş nokatlaryndan Türkmenistanyň çägine girip, bu ýerlere ýakyn demir ýol meýdançalaryna ýa-da stansiýalaryna we Türkmenbaşy halkara deňiz portuna çenli gelip ýükleri tabşyrmaklaryna hem-de alyp gitmeklerine rugsat berýär.

Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Eýran-Özbegistan we Özbegistan-Eýran ugurlary boýunça öz çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022