Daşoguz welaýatynda alty ýylda 31 sany desga gurlup ulanylmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynda alty ýylda 31 sany desga gurlup ulanylmaga berler
Welaýat boýunça 721,30 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary göz öňünde tutulýar.

Daşoguz welaýatynda 2022-2028-nji ýyllarda 31 sany binanyň we desganyň gurluşyklary göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugty sişenbe güni habar berdi.

Degişli desgalaryň gurluşygy şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barlar.

Şeýlelikde, Daşoguz welaýatynda 2022-2028-nji ýyllar aralygynda 1 sany saglyk öýi we merkezi, 7 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 11 sany umumybilim edarasy we 3 sany medeniýet öýi gurlup ulanylmana berler.

Daşoguz welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 179,16 km suw geçirijileri, 5 sany suw arassalaýjy desga, 108,3 km lagym geçirijileri, 4 sany lagym arassalaýjy desga, 196,5 km awtomobil ýollary, 579,95 km gaz geçirijileri, 301,77 km elektrik geçirijileri gurlar.

Mundan başga-da, 382,0 km telefon ulgamy gurlup, 5428 sany telefon belgisi oturdylar. Welaýat boýunça 721,30 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary göz öňünde tutulýar.

2022