Türkmen-özbek söwda dolanyşygy sekiz aýda $533 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy sekiz aýda $533 milliondan geçdi
Şu ýylyň geçen sekiz aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 387 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 533,5 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,7% artdy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň sişenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň geçen sekiz aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 387 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 146,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi.

Özbegistanyň ýanwar-awgust aýlarynda daşary söwda dolanyşygy 32,12 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,97 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 27,7% ýokarlandy.

Şu ýylyň geçen sekiz aýynda Özbegistanyň Hytaý bilen söwda dolanyşygy 6 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Özbegistanyň importy 4,2 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, eksporty bolsa 1,7 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Hasabat döwründe Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa (5,67 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Gazagystan (2,87 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Türkiýe (2,23 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Günorta Koreýa (1,6 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Gyrgyzystan (756,5 million ABŞ dollary), Germaniýa (706,7 million ABŞ dollary), Owganystan (470,5 million ABŞ dollary) we Hindistan (434,3 million ABŞ dollary) girdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022