Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ýurduň Ižewsk şäherindäki 88-nji mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şol sanda bigünä çagalaryň köpüsiniň heläk bolmagyna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Bu pajygaly waka Russiýanyň Udmurtiýa Respublikasynyň Ižewsk şäher häkimliginiň golaýyndaky mekdepde irden bolup geçdi. Respublikanyň resmileriniň bellemegine görä, bu pajygaly waka zerarly 17 adam wepat boldy. Olaryň 11-si çagadyr.
Udmurtiýada 26-29-njy sentýabr aralygynda bu pajygaly waka zerarly wepat bolanlaryň hatyrasyna ýas yglan edildi.