Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynda “Siziň Gazagystana amala aşyrjak döwlet saparyňyzyň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açyp, özara gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn” diýip, bellenilýär.
Şeýle-de Kasym Žomart Tokaýew ähli gazagystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we türkmen kärdeşine jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
“Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Siziň ýurduňyz döwletliligiň esaslaryny pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak işlerinde uly üstünlikleri gazandy. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň döredijilik ýoluny üstünlikli dowam etdirjekdigine, döwletiň abadançylygynyň, ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn” diýip, Kasym Žomart Tokaýewiň gutlag hatynda aýdylýar.
Döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkyny Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud, Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI, Belgiýanyň Patyşasy Filipp, Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr, Malaýziýanyň Patyşasy Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Almarhum Sultan Haji Ahmad Şah Al-Mustain Billa we Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory Dewid Hýorli gutladylar.