ÝTÖB 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 7% ösmegine garaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 7% ösmegine garaşýar
ÝTÖB-iň çaklamasyna görä, 2023-nji ýylda türkmen ykdysadyýeti 6% ýokarlanar.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) 2022-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 7% ösmegine garaşýar. Bu barada ÝTÖB-iň çarşenbe güni neşir edilen sebitleýin ykdysady mümkinçilikleri baradaky hasabatynda aýdylýar.

Bankyň belleýşi ýaly, türkmen ykdysadyýetiniň ýakyn geljekde ösmegine itergi berýän faktorlaryň hatarynda ýurtda importyň ornuny tutmak boýunça çärelerini, bitaraplyk syaýastyny we dünýädäki tebigy gazyň bahasynyň ýokary bolmagyny görkezdi.

ÝTÖB-iň çaklamasyna görä, 2023-nji ýylda türkmen ykdysadyýeti 6% ýokarlanar.

Bank Türkmenistanyň maliýe ýagdaýynyň gowydyny belläp, oňa sebäp hökmünde tebigy gazdan gelýän ýokary girdejileri we döwlet bergisiniň az bolmagyny görkezdi.

ÝTÖB “Türkmenistan halkara söwdany güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýär” diýip, muňa ýurduň ýaňy-ýakynda Halkara Demirgazyk-Günorta geçelgesine goşulmak baradaky karary, şeýle hem ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek, wiza düzgünlerini ýönekeýleşdirmek we ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak boýunça şertnamalary şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Hasabata görä, ÝTÖB Merkezi Aziýa sebitiniň jemi içerki önüminiň 2022-nji ýylda ortaça 4,3 göterim, 2023-nji ýylda 4,9 göterim ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Bu görkezijiler bankyň ozalky çaklamasyndan ýokarydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022