Türkmen-belarus gepleşikleri: ekerançylyk enjamlary üns merkezinde

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen-belarus gepleşikleri: ekerançylyk enjamlary üns merkezinde
Taraplar oba hojalygynyň zerurlyklary üçin Belarusyň enjamlary bilen üpjün edilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça belarus-türkmen hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Mämmethan Çakyýew Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý bilen şenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we ulag pudagynda özara gatnaşyklarynyň depginini güýçlendirmäge taýýardygyny bellediler.

Taraplar ikitaraplaýyn meseleleri, şol sanda hökümetara bilelikdäki toparynyň 10-njy duşuşygyna taýýarlyk barada içgin maslahatlaşdylar. Bu barada Belarusyň daşary işler ministrligi duşenbe güni metbugat beýanatynda habar berdi.

Belarusyň ilçisi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow duşuşyp, oba hojalyk önümlerinde özara söwda meselelerini we Türkmenistanda oba hojalygynyň zerurlyklary üçin Belarusyň enjamlary bilen üpjün edilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan başlap Belarusyň paýtagty Minsk şäherine yzygiderli halkara gatnawlaryny amala aşyrýar. Belarusyň “Belawia” milli awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli halkara gatnawlaryny oktýabr aýynyň ortalarynda gaýtadan ýola goýar.

2022