Türkmen-ermeni haryt dolanyşygy ilkinji ýedi aýda $10,1 milliona barabar boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-ermeni haryt dolanyşygy ilkinji ýedi aýda $10,1 milliona barabar boldy
Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda 14,2 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 10,1 million ABŞ dollaryna barabar bolup, bu 2021-nji ýylyň umumy görkezijisine ýakynlady. Bu barada Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýanyň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda bellenilýär.

Ruben Harazýanyň aýtmagyna görä, ermeni-türkmen haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda 14,2 million ABŞ dollaryna deň bolup, bu 2020-nji ýylyň görkezijisinden üç esse ýokarydyr.

“Şol bir wagtyň dowamynda, Ermenistanyň Türkmenistana eksporty 8,1 million ABŞ dollaryna, importy bolsa 6,1 million ABŞ dollaryna deň boldy” diýip, Ermenistanyň ilçisi belledi.

Ruben Harazýan öz makalasynda Ermenistan bilen Türkmenistan ykdysady gatnaşyklaryny, şol sanda täze geljegi uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändiklerini aýtdy.

“Ikitaraplaýyn söwdany işjeňleşdirmek maksady bilen, soňky iki ýylyň dowamynda Ýerewanda we Aşgabatda söwda öýlerini açmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Söwda öýleriniň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, Ermenistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň iki ýurdyň bazarlarynda has giňden ýaýradylmagyna itergi berer diýip tama edýäris. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylygy ösdürmekde we haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda Aşgabat bilen Ýerewanyň arasyndaky göni howa gatnawlarynyň dikeldilmeginiň aýratyn möhümdigini nygtamak isleýärin” diýip, Ermenistanyň ilçisi Ruben Harazýan belledi.

Şeýle-de ilçi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine, döwletara hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bar bolan mümkinçiligiň durmuşa geçirilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

2022