Türkmenistanyň Prezidenti uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmagy tabşyrdy

BIZNES TURKMENISTAN

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanowa uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmak we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemegiň we nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň doly güýjünde we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin önümleriň möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri seljermegi, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022