Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy
Şu ýylyň başyndan bäri, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 15 sany jemgyýetçilik edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy.

Türkmenistanda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu  ýylyň başyndan bäri 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow duşenbe güni geçirlen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy diýip, Muhammetgeldi Serdarow aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2022-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022