Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze demir ýol köprüsi ulanylmaga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze demir ýol köprüsi ulanylmaga berildi
Bu köpriniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250 metre barabardyr.

Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze demir ýol köprüsi çarşenbe güni açylyp, ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Täze köpri “Türkmendemirýollary” agentliginiň buýurmasy esasynda, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Yhasly zähmeti bilen aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Döwrebap demir ýol köprüsiniň gurluşygynda Russiýanyň “Týumenstalmost” kärhanasyndan getirilen gurluşyk önümleri, şeýle hem öz ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy diýip, habarda bellenilýär.

Bu köpriniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250 metre barabardyr.

2022