Türkmen işewürleri Moskwada geçiriljek Halkara eksport forumyna çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen işewürleri Moskwada geçiriljek Halkara eksport forumyna çagyrylýar
"Russiýada öndürilen" atly halkara eksport forumynyň dowamynda işewürlik duşuşyklar geçiriler.

Türkmenistanyň işewür toparlary 20-22-nji oktýabr aralygynda Moskwada geçiriljek "Russiýada öndürilen" atly halkara eksport forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Degişli çakylyk çarşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan yglan edildi.

Bu halkara forumda Russiýa bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça işewürlik duşuşyklar we ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

Şeýle hem ýerli telekeçiler Türkmenistanyň bilen Russiýanyň Rýazan sebitiniň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda geçiriljek sanly ulgam arkaly duşuşygyna çagyrylýar.

2022