Gazagystan türkmen tebigy gazyny import eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan türkmen tebigy gazyny import eder
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni Astanada bilelikde geçiren metbugat ýygnagy (Surat: Akorda.kz)

Gazagystanyň “QazaqGaz” gaz kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserni Gazagystana türkmen tebigy gazyny import etmek boýunça şertnama baglaşdy.

Şertnamanyň gol çekilendigi barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şenbe güni Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerinden soňra geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.

Şeýle hem Tokaýew gepleşikleriň dowamynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň gaz pudagyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljeginiň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp geçdi.

Ýurtlaryň gaz kompaniýalarynyň arasyndaky şertnamanyň baglaşylandygyny habar berip, Gazagystanyň Prezidenti bu taslamany durmuşa geçirmekde goldawy üçin türkmen kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

“Biz uzak möhletleýin şertnama gol çekmek isleýäris we ýyllyk gaz importynyň mukdaryny 1,5 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmaga taýýardyrys” diýip, Tokaýew belledi.

Gazagystanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, gazak tarapy Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen iri energiýa başlangyçlaryna gatnaşmaga, şeýle hem gazyň gaýtadan işlenilmegi we gaz himiýasy boýunça tejribe alyşmaga we özara peýdaly taslamalary ösdürmäge isleg bildirýär.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda gazak bugdaýynyň türkmen bazaryna eksporty we türkmen-owgan serhedinde galla terminalynyň gurulmagy boýunça meselelere garaldy.

Metbugat ýygnagynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, gazak kärdeşini Türkmenistana döwlet saparyna çagyrdy.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazy Hytaýa, Russiýa we Azerbaýjana eksport edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022