Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,2 esse ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,2 esse ýokarlandy
Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,6 esse ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 esse ýokarlanyp, 305,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň ilkinji dokuz aýynda 48,6 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada "Trend" agentligi Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 2022-nji ýylyň dokuz aýynda 292,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,6 esse ýokarydyr (21,5 million ABŞ dollary).

Türkmenistanyň Azerbaýjandan importy bolsa 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 13,1 million ABŞ dollaryna çenli azaldy. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda 27,1 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40,7% ösdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022