Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ýola goýmakçy
Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.

Türkmenistan bilen Russiýa ýakyn wagtda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasynda yzygiderli konteýner hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktory Oleg Belozerowyň Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça kompaniýanyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Saparyň dowamynda RŽD-nyň Baş direktory Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we “Türkmendermirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow bilen gepleşik geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryndan, soňra bolsa deňziň ugry boýunça Pars aýlagynyň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryna uzap gidýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ulag ulgamyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Koks, metallurgiýa önümlerini we başga-da birnäçe harytlary Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä we käbir beýleki ýurtlara daşamak göz öňünde tutulýar” diýip, RŽD-nyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.

RŽD iýul aýynda Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Russiýadan Hindistana konteýner otlularyny daşap başlady.

2022