Türkmenistan bilen Eýran söwda gatnaşyklarynyň ösüşini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýran söwda gatnaşyklarynyň ösüşini maslahatlaşdy
Eýranyň we Türkmenistanyň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlandyrmaga we serhet hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirildi.

Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Mohammad Reza Hosseýin-Nejadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada IRNA agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Eýranyň we Türkmenistanyň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlandyrmaga we serhet hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirildi.

Taraplar ýurtlaryň hususy kärhanalarynyň gatnaşmagy bilen bilelikdäki söwda-ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda lukmançylyk ulgamy, oba hojalygy, ýüpek gurçugy köpeltmek we ýöriteleşdirilen sergileri gurnamak hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkin bolan ugurlar hökmünde görkezildi.

Saparyň dowamynda Eýran wekiliýeti Gökdepe metjidine we muzeýine aýlanyp gördi. Şeýle hem olar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän “Türkmen aýna önümleri” kärhanasyna we Babadaýhan etrabynda ýerleşýän “Babadaýhan” dokma toplumyna baryp gördüler. Eýran wekiliýeti bu kärhanalaryň önümleriň görnüşleri we olaryň öndürilişi bilen tanyşdy.

2022