Önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň ýurtlar üçin ähmiýeti

Nurmyrat Mommaýew
Önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň ýurtlar üçin ähmiýeti
Robotlar diňe bir önüm öndürmän, eýsem hyzmat, abatlaýyş we paýlaýyş ulgamlarynda özlerine giňden orun tapýarlar.

Önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy önümçilik mukdarlarynyň köpelmegine we çykdajylaryň azalmagyna, netijede, kompaniýalaryň girdejilerini artdyrmaklaryna ýardam berýär. Önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy bilen bu kärhanalar ýerli we global derejede bäsdeşlik mümkinçiliklerini ýokarlandyrýarlar.

Robotlar eýýäm bütin dünýäde, esasanam önümçilik pudagynda giňden ulanylýar. Hytaýda diňe 2021-nji ýylda 243000-den gowrak täze robot enjamlary guruldy. Bu bolsa 2020-nji ýyla görä 45% ýokarydyr.

Halkara robotika federasiýasynyň (IFR) maglumatlaryna görä, häzirki döwürde dünýäde üç milliondan gowrak senagat roboty ulanylýar. Elon Muskyň 2023-nji ýylda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän “Tesla Bot” (''Optimus'' ady bilen hem tanalýar) ýaly gumanid kömekçileri entek bu sanawa goşulmaýar.

Her 10000 işgäre düşen senagat robotlarynyň sanlaryna seredenimizde, hökümetleriň önümçiligi awtomatlaşdyrmak üçin ummasyz maýa goýýandyklaryny görüp bileris.

2014-nji ýylda her 10000 işgäre düşen robotlaryň sany:

  • ABŞ: 164
  • Germaniýa: 292
  • Günorta Koreýa: 478
  • Hytaý: 36

2016-2017 nji ýyllarda her 10000 işgäre düşen robotlaryň sany:

  • ABŞ: 189 (2014-nji ýyla göra 15% ýokarlandy)
  • Germaniýa: 309 (2014-nji ýyla göra 5,8% ýokarlandy)
  • Günorta Koreýa: 631 (2014-nji ýyla göra 32% ýokarlandy)
  • Hytaý: 68 (2014-nji ýyla görä 88% ýokarlandy)

2019-njy ýylda her 10000 işgäre düşen robotlaryň sany:

  • ABŞ: 228 (2016-2017-nji ýyllara görä 20,6% ýokarlandy)
  • Germaniýa: 346 (2016-2017-nji ýyllara görä 12% ýokarlandy)
  • Günorta Koreýa: 868 (2016-2017-nji ýyllara görä 37,5% ýokarlandy)
  • Hytaý: 187 (2016-2017-nji ýyllara görä 175% ýokarlandy)

Ýokardaky sanlar göz öňüne alynanda, Aziýa ýurtlarynda önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy boýunça işler has çalt depginde ösdi. Önümçiligi awtomatlaşdyrmak soňky ýyllarda döwletler üçin möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Awtomatlaşdyrmak ähli döwletler üçin, esasanam ösüp barýan ýurtlar üçin ähmiýetli orna eýe bolup durýar.

Ykdysadyýetde sanlylaşdyrma, şeýle hem robotlar we emeli intellektler ösüşi çaltladyrmaga mümkinçilik berýärler. Emeli intellektiň ykdysady ösüşi garaşylmadyk ýagdaýda çaltlandyrjakdygy baradaky pikirler, adamlaryň çözmek üçin has köp wagt sarp edýän meselelerini emeli intellektiň gysga wagtda çözmegi bilen bagly çaklamalara esaslanýar. Has giňişleýin seredenimizde, önümçilikde awtomatlaşdyrmak prosessi barha ösýär, robotlar diňe bir önüm öndürmän, eýsem hyzmat, abatlaýyş we paýlaýyş ulgamlarynda özlerine giňden orun tapýarlar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022