Türkmenistanda TIR-EPD ulgamy utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna birikdirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda TIR-EPD ulgamy utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna birikdirildi
Utgaşdyrylmagyň netijesinde söwdanyň çaltlanmagyna we Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) tarapyndan işlenip düzülen TIR-EPD maglumat ulgamyny “ASYCUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň “Üstaşyr” moduly bilen birikdirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy penşenbe güni mälim etdi.

Bu işler Halkara ýol daşamalary (TIR) kitapçasyny ulanmak bilen, halkara ýollarynda ýükleri daşamak hakynda Gümrük Konwensiýasynyň çäginde amala aşyrylýar.

TIR-EPD - gümrük çägine awtomobil ulaglary arkaly getirilmegi, şol sanda üstaşyr geçirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada gümrük edaralaryna sanly ulgam arkaly deslapky maglumatlary bermek üçin ulgamdyr.

Bu elektron maglumat gümrük edaralaryna gümrük serhedinden geçirilýän harytlara we ulag serişdelerine gönükdirilen töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamyny ulanmaga, şol sanda harytlaryň bahalaryna, möçberlerine, görnüşlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Bu bolsa öz gezeginde söwdany çaltlandyrmaga we ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berýär diýip, Döwlet gümrük gullugynyň beýanatynda bellenilýär.

Häzirki wagtda TIR-EPD maglumat ulgamy Ýewropanyň we Aziýanyň 35 ýurdunda ulanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022