“Hakyda Auto” daşary ýurtlardan awtoulag getirip bermek hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hakyda Auto” daşary ýurtlardan awtoulag getirip bermek hyzmatyny hödürleýär
“Hakyda Auto” müşderilere täze we ulanylan ýeňil awtoulaglaryň giň görnüşini hödürleýär.

Dünýäniň awtoulag bazary çig nebit bazarynyň göwrüminden öňe geçip, öňde baryjy orny eýelemegi başardy. Häzirki wagtda awtoulag bazarynda alyjylaryň arasynda ulanylan awtoulaglar iň köp islegden peýdalanylýar.

Ulanylan awtoulaglary satyn alýan müşderileriň her üçden bir bölegi awtoulag saýlanda onuň ygtybarlylygyny birinji ýerde goýýar. Müşderiler ygtybarly ulanylan awtoulagy satyn almak bilen, awtoulag hyzmat merkezine ýygy-ýygydan ýüz tutmaly bolmazlar. Şeýlelik bilen awtoulag eýesi öz maýasyny we wagtyny tygşytlar.

Haýsy ölçegler boýunça ulanylan awtoulagyň ygtybarlylygy kesgitlenilýär?

Bilermenleriň pikiriçe, ygtybarly ulanylan awtoulaglar aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

  • uzak wagtlap hereketde bolmagy;
  • näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň pes ýygylygy;
  • elýeterli awtoulag hyzmatynyň bolmagy (awtoulaglary bejermek, olaryň şaýlaryny çalyşmak iň gysga wagtda we netijeli ýerine ýetirilmelidir);
  • dürli ätiýaçlyk şaýlaryny ulanmak mümkinçiligi.

Awtoulagy satyn almakda, getirip bermekde, gümrük taýdan resmileşdirmekde ýüze çykýan kynçylyklaryň öňüni alyp biljek ygtybarly üpjün edijini saýlamak möhümdir.

"Hakyda Auto" söwda nyşany bilen tanalýan bu kompaniýa size kynçylyklaryňyzyň çözgüdini hödürleýär.

“Hakyda Auto” kompaniýasy ABŞ-dan we BAE-den GDA ýurtlaryna sargyt boýunça awtoulaglary eltip bermek bilen meşgullanýar. “Hakyda Auto” kompaniýasy dürli kärhanalar, şeýle-de raýatlaryň gönümel özleri bilen hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň dünýäde üç sany edarasy bolup, onuň baş edarasy BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa müşderilere täze we ulanylan ýeňil awtoulaglaryň giň görnüşini hödürleýär.

Kompaniýanyň şygary “We build trust” (Biz ynam döredýäris). “Hakyda Auto” kompaniýasy müşderiler bilen diňe bir ynam esasynda işleşmän, eýsem olar müşderi bilen satyn almak we satmak şertnamasyny baglaşýarlar. Şeýle hem müşderi kompaniýa tarapyndan hasap-fakturalar, kepillik we başgada birnäçe resminamalar bilen üpjün edilýär. Müşderiler "Hakyda Auto" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip, diňe bir arzuwyny amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem awtoulag satyn almakda kynçylyklara we galplyklara duçar bolmazlar.

Kompaniýanyň hünärmenleri getirip bermek kynçylyklary, gümrük çäklendirmeleri ýaly töwekgelçililerden habarly bolup, olaryň öňüni alyp bilýärler. Şeýlelikde “Hakyda Auto” kompaniýasynyň döredilmegi bilen hünärmenler ähli kynçylyklary mümkinçiliklere öwürdi.

Her bir müşderi üçin “Hakyda Auto” kompaniýasy elýeterli bahadan awtoulagyň iň gowy görnüşini tapmaga synanyşyp, onuň logistika meselelerini hem öz jogapkärçiligine alýar. Şeýle-de kompaniýanyň eltip bermek bölüminiň hünärmenleri müşderileriň awtoulaglaryny wagtynda, käwagt ylalaşylan wagtdan has çalt hem getirip berýärler.

Näme üçin müşderiler “Hakyda Auto” kompaniýasyny saýlamaly?

1. Amatly bahasy üçin

Satyş boýunça dolandyryjylar müşderiniň haýyşy boýunça, elýeterli bahadan awtoulagyň iň gowy görnüşini saýlap bererler.

2.Yzygiderli goldaw

.“Hakyda Auto” kompaniýasynyň hünärmenleri elmydama müşderiler bilen aragatnaşykda bolup, olar şertnama barada alada etmeli bolmazlar.

3. Eltip bermek möhleti

Eltip bermek bölüminiň hünärmenleri müşderiniň awtoulagyny wagtynda almagy üçin mümkin bolan ähli işleri ýerine ýetirerler.

Kompaniýanyň hünärmenleri müşderileriň “Hakyda Auto” bilen işleşmek tejribesinde gowy ýatlama galdyrmaga çalyşýarlar.

“Hakyda Auto” kompaniýasy sanlarda:

  • 2,900+ sany satylan awtoulaglar;
  • üç sany dünýä ýüzündäki edarasy;
  • kompaniýanyň iş amala aşyrýan dokuz ýurdy;
  • ýedi sany daşary ýurt dilinide iş amala aşyrmaklygy.

“Hakyda Auto” kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin:

Icq/Whatsapp/Imo: +993 61-60-99-88

Instagram: @hakyda.auto

Elektron poçta: maglumat@hakyda.com

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022