“Guwlyduz” kärhanasynda 64,5 müň tonnadan gowrak däneli duz öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Guwlyduz” kärhanasynda 64,5 müň tonnadan gowrak däneli duz öndürildi
Şeýle hem kärhana boýunça senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazylyp alynan duzuň umumy möçberi 72 müň 500 tonna ýetdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabyndaky “Guwlyduz” kärhanasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda däneli duzyň 64 müň 510 tonnasyny öndürildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, bellenilen meýilnama 105,9 % ýerine ýetirildi.

Şeýle hem degişli döwürde kärhana boýunça senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazylyp alynan duzuň umumy möçberi 72 müň 500 tonna ýetdi. Umumy gaplanan nahar duzy bolsa 23 müň 276 tonna ýetip, 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 147,2%-e deň boldy.

Ylmy maglumatlara görä, uzynlygy 60 kilometre, günorta tarapynyň giňligi bäş kilometre, demirgazyk tarapynyň giňligi üç kilometre çenli uzalyp gidýän tebigy kölde duz alynýan gatlagyň galyňlygy üç metre çenli ýetýär.

“Guwlyduz” kärhanasynyň taýýarlaýan tehniki duzlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini arassalamakda, dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmakda we başgada birnäçe ugurlarda giňden peýdalanylýar.

 

2022