NAPECO kompaniýasy “Dragon Oil”-yň Çeleken çägi boýunça şertnamasyna goşulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
NAPECO kompaniýasy “Dragon Oil”-yň Çeleken çägi boýunça şertnamasyna goşulýar
“Dragon Oil” kompaniýasynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniň arasyndaky önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyk 2035-nji ýyla çenli hereket edýär.

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” (NAPECO) ÝGPJ Dubaý emirliginiň hökümetiniň doly eýeçiligindäki “Dragon Oil” nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasynyň Çeleken ýatagynda Türkmenistanyň hökümeti bilen önümleri bölüşmek baradaky baglaşan şertnamasynyň paýnamalarynyň 5%-ni aldy. Bu barada NAPECO-nyň Baş direktory Maksat Pirliýewiň aýdanlaryna salgylanyp, “Argus Media” baha kesgitleýji gullugy sişenbe güni habar berdi.

“Argus Media” baha kesgitleýji gullugynyň habar bermegine görä, kompaniýalar bu şertnamany geçen hepde Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatynyň dowamynda baglaşdy. Iýul aýynda möhleti uzaldylan “Dragon Oil” kompaniýasynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniň arasyndaky önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyk 2035-nji ýyla çenli hereket edýär.

Şeýle hem NAPECO Türkmenistanda ýene iki taslama gatnaşýar. Olar 2025-nji ýyla çenli hereket edýän Gündogar Çeleken ýatagyndaky “Mitro International” bilen önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyk we 10 göterim paý bilen potratçy hökmünde Gündogar Çeleken meýdançasyndaky Italiýanyň Eni kompaniýasydyr.

Söwda işleri üçin NAPECO-nyň “Vitol” kompaniýasy bilen BAE-de hasaba alnan bilelikdäki kärhanasy bardyr. NAPECO önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda öndürýän ýa-da alýan çig mallaryny eksport etmeýär. Ol özüniň nebit paýyny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gaýtadan işläp, olary taýýar önüm hökmünde satýar.

Şeýle hem NAPECO öz önümlerini Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) arkaly hem satyp bilýär. Maksat Pirliýewiň aýtmagyna görä, köplenç bilelikdäki kärhananyň üsti bilen harytlary satmak has peýdaly bolýar. Önümleriň bahasy nebitiň “Brent” görnüşiniň şertnamasyna esaslanyp, olar FOB Hazar sebiti şerti bilen satylýar.

NAPECO-nyň Baş direktorynyň aýtmagyna görä, kompaniýanyň nebit önümleri Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýa, soňra bolsa Ýewropa eksport edilýär.

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ÝGPJ-niň paýdarlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022