Pagta: dokma we trikotaž senagatyndaky ösüşiň binýady

Nurmyrat Mommaýew
Pagta: dokma we trikotaž senagatyndaky ösüşiň binýady
2022-nji ýylda dünýäde 33,4 million gektara ekilen pagtadan 26,4 million tonna hasyl ýygnalmagyna garaşylýar.

Pagta senagaty diňe bir mata ýa-da ýüplük önümçiligi üçin däl, eýsem dünýädäki millionlarça adamyň iş bilen üpjün edilmegi we durnukly ykdysady ösüş üçin hem möhümdir. Mundan başga-da, pagta ulanyş ugurlary boýunça-da köp dürlidir we goşmaça gymmaty bolan önümdir. Mysal üçin, Türkiýe 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda umumy gymmaty 2,2 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan 1,2 million tonna pagta import etdi. Şol döwürde ýurduň taýýar egin-eşik eksporty 18,4 milliard ABŞ dollaryna, dokma çig mallarynyň eksporty 11,7 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu nukdaýnazardan, gaýtadan işlenen pagta we dokma senagatynyň ösüşi ähmiýetli orna eýedir. Türkmenistanda hem pagta senagaty ösýär we goşmaça gymmaty bolan önümler öndürilip, daşary ýurtlara eksporta ugradylýar.

Pagta dokma we trikotaž önümçiliginde hem tapawutlanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä pagta güni diňe bir pagtanyň moda we hojalyk önümlerindäki ornuny däl, eýsem onuň halkara söwdasyny, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. BMG pagtanyň howa şertlerine çydamly, gurak we ýarym gurak sebitlerde ösdürilip ýetişdirilip bilinjekdigini belleýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň bellemegine görä, pagta dünýädäki ekin meýdanlarynyň bary-ýogy 2,1%-ni emele getirýär, ýöne dünýädäki dokma zerurlyklarynyň 27%-ni kanagatlandyrýar. Halkara pagta geňeşi (ICAC) 2022-nji ýylda dünýäde 33,4 million gektara ekilen pagtadan 26,4 million tonna hasyl ýygnaljakdygyny çaklaýar. Dünýädäki pagta zerurlygynyň bolsa 26,2 million tonna bolmagyna garaşylýar.

Umuman aýdylanda, pagta fabrikleri örän ujypsyz mukdarda galyndy önüm öndürip, bu ugurda-da ünsi çekýär. Pagta diňe süýüm çeşmesi bolman, eysem onuň tohumlary maldarçylyk pudagynda hem iýmit hökmünde giňden ulanylýar. Pagta ýagy iýmit pudagynda, şeýle hem kosmetika, sabyn ýaly beýleki önümçiliklerde ulanylýar.

Mundan başga-da, pagtanyň uzyn süýümli linterleri adatça lukmançylyk enjamlarynda ulanylýar, gysga süýümli linterler bolsa däri, tämizlik üçin niýetlenen pagta toplary, hatda rentgen enjamlarynda-da ulanylýar. Pagta önümlerinden doňdurmalaryň, diwar kagyzlarynyň, dürli iýmit gaplarynyň, beýzbol toplarynyň, pagta süpürgiçleriniň we bir gezek ulanylýan çaga bezileriniň önümçiliginde giňden peýdalanylýar.

Sarp edijiler ýumşak, amatly we gipoallergen pagta önümlerine isleg bildirýärler. Geçirilen gözlegleriň netijesinde, sarp edijiler pagta bolan ynamlarynyň ýokary derejesini görkezdiler, şeýle hem olar pagtadan öndürilen süpürgiçleriň sintetiki süýümlerden öndürilen süpürgiçlerden has gowudygyny belleýärler. Bu sarp edijileri pagta önümlerini satyn almaklary üçin itergi berýän esasy faktorlaryň biridir.

“2022 Cotton Incorporated” atly Durmuş ýörelgeleri gözleg-barlag işiniň netijelerine görä, pagta egin-eşikleriň ähli görnüşlerinde diýen ýaly ulanylýar. Sowgat alýanlaryň ýarysyndan gowragy sowgat hökmünde birek-birege egin-eşik berýärler, bu bolsa olaryň sowgat üçin iň gowy saýlaw bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň belleýşi ýaly, pagta pudagy ösen hem-de ösüp barýan ýurtlar üçin möhümdir we olaryň oba hojalyk senagatlarynyň esasy ekinleriniň biridir.

2021-nji ýylda Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar. Ýygym möwsüminde traktorlaryň 7 müň 600-den, ekiş gurallarynyň 1 müň 700-den we pagta ýygýan kombaýnlaryň 5 müň 500-den gowragy ulanyldy.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022