Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 39,1% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 39,1% ýokarlandy
2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5% ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,1% köpeldi diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.

Wise-premýer şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatynda jemi öndürilen önümiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,9% artandygyny habar berdi.

2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,3% artdy.

Şeýle-hem Hojamyrat Geldimyradow 2023-nji ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat berip, serişdeleriň ep-esli böleginiň durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesini saklap galmagy başarylandygyny aýdyp, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzda göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022