Türkmenistanda harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin maglumat programmasy işe girizildi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanda harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin maglumat programmasy işe girizildi
Türkmenistanda ornaşdyrylan bu programma kompaniýalara deslapky maglumatlary ýükleriň barmaly ýurtlarynyň gümrük edaralaryna bir wagtda elektron görnüşinde ibermäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda halkara üstaşyr gümrük ulgamyndan geçýän harytlar barada deslapky maglumatlary ugratmaga mümkinçilik berýän programma işe girizildi. Bu barada döwletara teleradiokompaniýasy “Mir 24” penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň bäş gümrük nokady halkara sanly ulgama birikdirildi. Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) ýük daşaýjylara bu programmany ulanmagy maslahat berýär. Geljek ýyldan başlap ýükleriň serhetden üstaşar geçirilmegi üçin deslapky maglumatlaryň berilmegi bu programmanyň üsti arkaly amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň kapitany Eziz Dädebaýewyň aýtmagyna görä, bu programma gümrük nokatlarynda işleri çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.

“Programmanyň kömegi arkaly resminamalary has çalt barlap bileris. Bu logistika işlerine oňyn täsir eder we halkara deňiz hem-de gury ýer ulag ulgamynda Türkmenistanyň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrar” diýip, Eziz Dädebaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda ornaşdyrylan bu programma kompaniýalara deslapky maglumatlary ýükleriň barmaly ýurtlarynyň gümrük edaralaryna bir wagtda elektron görnüşinde ibermäge mümkinçilik berýär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022