Pandemiýa döwründe ýüze çykan çip yetmezçiligi we üpjünçilik zynjyryndaky meseleler köp pudaklarda bolşy ýaly awtoulag bahalaryna hem täsir etdi. Bu meseleler bilen baglylykda awtoulag üpjünçiligi azaldy we olaryň bahalary ýokarlandy. Täze awtoulag önümçiliginiň peselmegi bilen bir hatarda ulanylan awtoulag bazaryndaky üpjünçilik hem azaldy we bu bazardaky bahalar ýokarlandy. Pandemiýadan soňky, ýagny häzirki döwürde bolsa olaryň bahalary kadalaşyp başlady.
ABŞ-da ulanylan awtoulaglaryň söwda portaly bolan “iSeeCars”, üç we bäş ýyl bäri ulanylýan awtoulaglaryň bahalaryny seljerdi. Portal käbir ulanylan awtoulaglaryň bahalarynyň täze satuwa çykarylandaky bahasyndan 50% -den hem köp peselendigini anyklady.
“iSeeCars” 2022-nji ýylda satylan üç milliondan gowrak üç we bäş ýyl ulanylan awtoulag bahalaryny seljerdi we ortaça bäş ýyl ulanylan awtoulaglaryň MSRP (manufacturer's suggested retail price-öndürijiniň maslahat berýän bölek satuw bahasy) bahasyndan ortaça 33,3% arzanlandygyny ýüze çykardy.
Portalyň habaryna görä, BMW 7 modeli soňky bäş ýylda gymmatyny iň köp ýitiren awtoulag bolup, onuň bahasy 56,9% peseldi we ortaça 61,923 ABŞ dollaryna barabar boldy. Degişlilikde “Maserati Ghibli” (-56.3%), “Jaguar XF” (-54%), “Infiniti QX80” (-52,6%), “Cadillac Escalade ESV” (-52.3%), “Mersedes-Benz S-Class” (-51.9), “Lincoln Navigator” (- 51.9) %) “Audi A6” (-51.5%), “Volvo S90” (-51,4%), “Ford Expedition” (-50,7%) gymmatyny iň köp ýitiren awtoulaglar boldular.
“iSeeCars”-yň seljermesi orta göwrümli ýük awtoulaglarynyň we sport awtoulaglarynyň hem-de ýangyç tygşytlaýan awtoulaglaryň bahalarynyň soňky bäş ýylda haýal depginde, lýuks awtoulag brendleriniň bahalarynyň bolsa has çalt depginde peselýändigini görkezdi.
Lýuks awtoulaglar ýaly bolmasa-da, ulanylan elektrikli awtoulaglaryň gymmaty hem ep-esli azalýar. Ulanylan elektrikli awtoulaglaryň bahasy başdaky satuw bahasyna görä ortaça 44,2% arzanlady. Nissan Leaf brendi bilen öndürilýän awtoulaglaryň bahasy başdaky satuw bahasy bilen deňeşdirilende 49,1%, Tesla Model S we X brendleriniň bolsa degişlilikde 43,7% we 38,8% peseldi.
“Pandemiýa döwründe lýuks brendli awtoulaglaryň az mukdarlarda öndürilmegi ulanylan lýuks awtoulag bahalarynyň soňky 1 ýyldan bäri ýokary derejede saklanyp galmagyna sebäp bolýar“ diýip, iSeeCars”-yň Baş seljerijisi Karl Brauwer belleýär.
“Jeep Wrangler” brendli ulanylan awtoulaglaryň bahalary maslahat berlen satuw bahasyna görä iň az derejede peselip, ýokaryda bellenilip geçilşi ýaly BMW 7 modeli başdaky satuw bahasyna görä iň köp gymmatyny ýitiren awtoulag boldy.
Bilermenlere görä, ulanylan awtoulag bahalarynyň peseljekdigini çaklamak çylşyrymly bolsa-da, täze awtoulaglaryň üpjünçiliginiň ýokarlanmagy täze hem-de ulanylan awtoulaglaryň bahalarynyň arzanlamagyna ýardam berýär.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty