Ýanwar-oktýabr: TNGIZT-da 4,08 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr:  TNGIZT-da 4,08 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda bu kärhana 4 million 108 müň tonnadan gowrak nebit çig maly gelip gowuşdy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 4 million 84 müň 200 tonna nebit gaýtadan işlenilip, öňde goýulan meýilnama 110% ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. 

Şeýle-de şu ýylyň geçen hasabat döwründe kärhanada 1 million 282 müň tonnadan gowrak awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 189 müň tonnadan hem köpdür.

Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň on aýynda kerosin öndürmegiň meýilnamasy 112,7%, çalgy ýaglary 102,8%, suwuklandyrylan gaz 117,7%, nebit bitumy 148,5%, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy bolsa 112% ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda bu kärhana 4 million 108 müň tonnadan gowrak nebit çig maly gelip gowuşdy.

2022