“Galkynyş” gaz käninde täze gaz guýularynyň gurluşygy tamamlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Galkynyş” gaz käninde täze gaz guýularynyň gurluşygy tamamlanýar
Häzirki wagtda meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň gurluşygy ýakyn wagtda tamamlanar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda täze gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hem-de tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, bu gaz guýularynyň işe goýberilmegi ýakyn wagtda gazyň her ýylda çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de “Galkynyş” gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna çykarmaga mümkinçilik berer.

“Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygy geçen ýylyň awgust aýynda başlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

“Galkynyş” gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýär. Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.

2022