Lebap welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalaryň daşary ýurtlara eksport edýän önümleriniň möçberi artýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Lebap welaýatynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hususy kärhanalaryň öndürýän önümleri Özbegistana, Türkiýä, Belarusa, Owganystana, Gyrgyzystana, Azerbaýjana, Russiýa we Hytaýa eksport edilýär. Daşary döwletlere izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýator batareýalary, nah pagta we senagat garyndy suwuklygy ugradylýar.
Iň köp eksport edilýän harytlaryň hatarynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan izogam durýar. Eksport edilýän izogam “Mizemez gadam” hususy kärhanasynda öndürilip, şu ýylyň başyndan bäri onuň 303 müňe golaý inedördül metri Özbegistana, 680 müň töwerek inedördül metri Türkiýä, şeýle hem 40 müňden gowrak inedördül metri beýleki ýurtlara eksport edildi. Şeýle hem bu döwürde “Mizemez gadam” kompaniýasy suwuk bitum mastikasynyň uly mukdaryny daşary ýurtlara ugratdy.
Habarda bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän “Altyn gül” hususy kärhanasy şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 800 tonnadan gowrak haltalyk materiallary öndürdi we Russiýa eksport etdi.
Şeýle-de “Türkmen ojagy” kompaniýasynda regenirlenen süýümiň 360,5 tonnasy öndürilip, Türkiýä iberildi.