Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Hytaýa 8,23 milliard ABŞ dollaryna deň bolan tebigy gaz eksport etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53% ýokarydyr. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Hasabat döwründe Hytaýy turbageçiriji arkaly tebigy gaz bilen üpjün edýän ýurtlaryň arasyna Russiýa hem girdi. Russiýanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty 3 milliard 100 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 182% artdy.
Beýleki turbageçiriji arkaly tebigy gazy bilen üpjün edýän öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna Mýanma ($1,13 milliard), Gazagystan ($996,5 million) we Özbegistan ($916,7 million) girdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.
Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk şu ýylyň fewral aýynda gazanyldy. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.
Türkmenistan geçen ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.