Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet Baştutanlary Abu-Dabide gepleşik geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet Baştutanlary Abu-Dabide gepleşik geçirdiler
Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet Baştutanlary ýurtlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak boýunça isleglerini beýan etdiler. (Surat: Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň “Twitter” sahypasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) iki günlik resmi saparynyň çäginde BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşenbe güni Abu-Dabi şäherinde gepleşik geçirdi.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda, giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli hem-de depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde, taraplar özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewürlik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýändiklerini mälim etdiler.

Giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň kompaniýalaryny Türkmenistanda amala aşyrylýan “akylly” şäher taslamalaryna — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, “Aşgabat-sitiniň” gurluşyklaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle hem türkmen-emirlik gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen BAE-niň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Bilelikdäki Beýannama laýyklykda, taraplar ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, her tarapyň bähbidini göz öňünde tutmak bilen özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanlary bu ugurdaky mümkinçilikleri maslahatlaşyp, nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we dikeldilýän energiýa ýaly ileri tutulýan pudaklarda bilelikdäki tagallalary artdyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny bellediler. Şeýle hem taraplar bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen iki döwletiň işewürlerine goldaw bermek boýunça ylalaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet Baştutanlary ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda taraplar ýurtlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak boýunça isleglerini beýan etdiler.

Şöhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar şu gün gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem iki ýurdyň Döwlet Baştutanlary birnäçe möhüm sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen BAE-niň Prezidentleri geçirilen gepleşikleriň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022