Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 53,6 % ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 53,6 % ýokarlandy
Diňe oktýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 982 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 8,97 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53,6 % ýokarlandy. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň anna güni çap edilen maglumatlarynda habar berilýär.

Diňe oktýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 982 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan Hytaýa 8,28 milliard ABŞ dollardan gowrak önüm iberdi. Şeýle hem şu ýylyň on aýynda Türkmenistan 691 million ABŞ dollaryndan gowrak hytaý harytlaryny import etdi.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

2022