Katar bilen Hytaý STG üpjünçiligi boýunça uzak möhletli şertnama baglaşdy

Nurmyrat Mommaýew
Katar bilen Hytaý STG üpjünçiligi boýunça uzak möhletli şertnama baglaşdy
Katar suwuklandyrylan tebigy gazynyň agramly bölegini Aziýa, esasanam Hytaýa, Ýaponiýa we Günorta Koreýa eksport edýär.

Hytaýyň ilkinji nebit kompaniýasy bolan “Sinopec” duşenbe güni Kataryň milli kompaniýasy “QatarEnergy” bilen 27 ýyl üçin her ýylda 4 million tonna suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) bilen üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu Pekiniň ykdysady kynçylyklara garamazdan energiýa çeşmelerini maliýeleşdirmek üçin ähli tagallalara taýýardygyny aýdyň görkezýän şertnamadyr.

Ýewropa Bileleşigi esasan öňümüzdäki gyş aýlary üçin suwuklandyrylan tebigy gaz bazaryna ünsüni jemledi. Hytaý bolsa häzirki wagtda uzak möhletli şertnamalar bilen orta möhletli üpjünçiligi kepillendirmegiň üstünde işleýär.

Şertnamanyň ýyllyk gymmaty takmynan 2,3 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 27 ýyllyk umumy gymmaty takmynan 61 milliard ABŞ dollaryna barabardyr.

Katar suwuklandyrylan tebigy gazynyň agramly bölegini Aziýa, esasanam Hytaýa, Ýaponiýa we Günorta Koreýa eksport edýär. Soňky ýyllarda dünýäde suwuklandyrylan tebigy gaz üçin bäsdeşlik has-da artýar. Hususan-da Ýewropa ýurtlary alternatiw ýangyç hökmünde köp mukdarda suwuklandyrylan tebigy gaza isleg bildirýärler. Emma Germaniýa we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň Katar bilen uzak möhletli şertnama baglaşmakda ikirjeňlenmekleri taraplaryň arasyndaky suwuklandyrylan tebigy gaz boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmegine päsgel berýär.

Taryhy taýdan seredilende, suwuklandyrylan tebigy gaz bazarynda uzak möhletli şertnamalar agdyklyk edýär. Şeýle-de bolsa, olar dört ýyldan az şertnamalardyr, hat-da bu şertnamalaryň köpüsi üç aýdan az möhletli şertnamalar görnüşinde boldy.

Kataryň Energetika ministri, şeýle hem Kataryň Energetika Baş müdiri Saad Şerida Al Kaabi munuň suwuklandyrylan tebigy gaz senagatynyň taryhyndaky iň uzak möhletli şertnamadygyny belledi. Energetika ulgamynda uzak möhletli şertnamalar adatça 10-20 ýyl aralygy öz içine alýar.

“Sinopec” kompaniýasynyň başlygy Ma Ýongşeng Kataryň dünýädaki iň iri suwuklandyrylan tebigy gaz eksport ediji ýurtlaryň biridigini, Hytaýyň bolsa iň iri suwuklandyrylan tebigy gaz import ediji ýurtdygyny aýdyp, iki ýurduň arasynda gol çekilen şertnama ýokary baha berdi.

2021-nji ýylda Katar Awstraliýadan soň suwuklandyrylan tebigy gazyň eksporty boýunça ikinji orunda boldy, emma tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça ABŞ bilen bilelikde ilkinji orunlarda durýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022