Türkmenistan-BAE işewürler geňeşiniň döredilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan-BAE işewürler geňeşiniň döredilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk komitetiň mejlisiniň 2023-nji ýylyň başynda Abu-Dabide geçirmegine we türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen “Ýol kartasynyň” taýýarlanmagyna garaşylýar. (Surat: newscentralasia.net)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-22-nji noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) amala aşyran resmi saparynyň netijeleri boýunça hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Raşid Meredow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamagy hem-de bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi we onuň birinji mejlisini geljek ýylda geçirmegi teklip etdi.

Şeýle hem wise-premýer ýakyn wagtda BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliginden ugur alnyp, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň BAE-niň ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen geňeşmeleriň we maslahatlaşmalaryň guralmagy teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-ne resmi saparynyň netijeleri boýunça Hökümetara we pudagara derejelerinde 13 resminama, şeýle-de telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça 8 resminama gol çekildi.

Ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Abu-Dabide Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine, şeýle-de türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen “Ýol kartasynyň” taýýarlanmagyna garaşylýar.

2022